Soňky habarlar

2019: sport wakalaryndan galan täsirler

Watandaşlarymyz 2019-njy ýylda öz durmuşlarynda bolup geçen täsirleri wakalary ýatlaýarlar. Biz şu gün sport bilen bagly ýakymly pursatlary siz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Sapardurdy Handurdyýew, «Türkmenistan sport» teleýaýlymynyň alypbaryjysy.

―2019-njy ýyl meniň durmuşymda iň bagtly ýyllaryň biri boldy. Maňa şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenýän günlerinde, «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şol bagtly pursat meniň hiç haçan ýadymdan çykmaz. Edýän işimize berlen şeýle uly baha bizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.  Nesip bolsa, täze ýylda biz täze hyjuw bilen gijämizi gündiz edip işläris. Çünki mähriban Arkadagymyzyň döredip beren mümkinçilikleri, bildiren ynamy bizi şeýle yhlas bilen işlemäge borçly edýär.

Orazgeldi Saparow, Babadaýhan etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň mugallymy.

―2019-njy ýylda ýurdumyz üçin hem, meniň öz durmuşumda hem şanly wakalar kän boldy. Olaryň arasyndan birini saýlap aýtmaly bolsa, men-ä «Altyn asyr» futbol toparynyň yzly-yzyna altynjy gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagyny bellärdim. Gürrüň bu ýerde onuň çempionlygy almagynda hem däl, onuň oňat mazmunly oýun görkezmeginde. «Altyn asyryň» oýny güýçlenýär, munuň özi onuň täze ýylda halkara ýaryşlarynda hem üstünlik gazanmagyna umyt etmäge, bize, ýagny «Altyn asyryň» janköýerlerine esas berýär.

Ýazga geçiren Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,

žurnalist.