26.12.2019. Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Horwatiýada ýylyň oýunçysyny saýlamaga gatnaşdy
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe Horwatiýada ýylyň oýunçysyny saýlama gatnaşdy. «Weçerni» neşiriniň ýazmagyna görä, ol ses berlişige gatnaşdyrylan esasy tälimçileriň hatarynda boldy.
Bir döwürde Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi hem bolup işlän hünärmen horwat futbolçylarynyň aglabasynyň ukybyna belet. Saýlanyljak oýunçy babatynda bolsa ol şeýle diýdi:
― Meniň pikirimçe, iň mynasyp dalaşgär Luka Modriç. Geçen ýyl ol dünýäniň iň gowy oýunçysynyň derejesinde oýnamadyk bolup biler, barybir ol Horwatiýanyň ýygyndysy üçin köp zady etdi. Möwsüme şikes bilen başlasa-da, wagt onuň ýerini milli ýygyndyda-da, «Real Madridde-de» hiç kimiň dolduryp bilmeýändigini görkezdi ― diýip, 52 ýaşly hünärmen Luka Modriçi goldady.