2020-nji ýylyň 3-11-nji ýanwary aralygynda 64 öýjükli şaşka boýunça 14 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler. Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirlen küşt we şaşka mekdebinde geçiriljek bu ýaryşa derejeli şaşkaçy oglan-gyzlar we derejeli höwesjeň şaşkaçylar gatnaşyp bilerler.
Şeýle hem 2020-nji ýylyň 3-12-nji ýanwary aralygy küşt boýunça 8, 12 we 16 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler. Şweýsar usulynda geçiriljek bu ýaryş jemi 11 tapgyr bolup, her bir oýunça 1 sagat 30 minut we her göçüme goşmaça 30 sekunt wagt beriler.
FIDE-niň kadalaryna laýyklykda geçiriljek bu ýaryşda iň köp utuk toplamagy başaran türgenler, küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligine gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Ýaryşda ýeňşini baýram eden türgenlere Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hormat hatlary gowşurylar.
Mustafa ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Surata düşüren Begenç HALLAÝEW.