Soňky habarlar

Bedenterbiýe mugallymlarynyň hünär kämilligine bagyşlanan maslahat

Şu gün (25.12.2019) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlarynyň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan okuw-seminar maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde guran   okuw-seminar maslahatyna bedenterbiýe we sport ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bilen bir hatarda bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar hem gatnaşdy.

«Ýurdumyzyň bilim edaralarynda zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlarynyň işini kämilleşdirmek» atly geçirilen okuw-seminar maslahatynda ilki bilen Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary M.Gowşudow «Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýaş nesilleriň saglygyny has-da pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler» barada çykyş etdi.

Soňra Türkmenistanyň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary G.Agamyradow «Umumy bilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleri yzygiderli geçirmek arkaly ýaş nesillerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek» hakynda durup geçdi. Şeýle-de, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň prorektory H.Nunnaýew, hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň başlygy B.Baýryýew, bedenterbiýe fakultetiniň dekany I.Meretnyýazow «Bedenterbiýe sapagyny okatmagyň maksatnamasyny kämilleşdirmek, bilim edaralarynda bedenterbiýe sapagynyň hilini ýokarlandyrmak» barada gürrüň berdiler. Aşgabat şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy H.Altyýew «Ýaş aýratynlyklary boýunça bedenterbiýe sapagynyň okatmagyň tapgyrlary boýunça fiziki ýüklenmeleri hem-de bedenterbiýe sapagynyň dykyzlygy» dogrysynda, Aşgabat şäheriniň 97-nji orta mekdebiniň T.Öwezow «Bedenterbiýe sapagyna çagalaryň höwesini artdyrmak» barada çykyş etdi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaş nesliň sagdyn bedenli belent ruhly bolmaklary üçin durmuşa geçirilýän işleriň bimöçberdigi barada buýsanç bilen bellediler.

Bibi GAÝLYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.