Soňky habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklary institutynda «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyň hindi dilindäki tanyşdyrylyşy geçirildi

2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň hindi dilindäki tanyşdyrylyşy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory, Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Hindistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary çykyş etdiler.

Çykyş edenler öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda tutuş dünýäde türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy bolan ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, biziň «behişdi» bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmäge isleg bildirýänleriň sanynyň köpelýändigini, türkmen atşynaslarynyň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özarabähbitli hyzmatdaşlyklarynyň ýola goýulandygy barada belläp geçdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimize bu ajaýyp kitap üçin öz sagbolsunlaryny aýtdylar.

www.mfa.gov.tm