Türkmenistanyň Prezidenti Karary bilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmäge ygtyýar berildi.
Bu şanly waka ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sport mekdeplerinde hem gyzgyn seslenme döretdi. Şonuň netijesinde Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda welaýatyň tälimçileriniň we internatyň okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-indew çäresi geçirildi.
Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýändigini buýsanç bilen belläp, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden alkyş aýtdylar.
www.msy.gov.tm