Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Ýaşlaryň sagdyn durnuş ýörelgesi» atly ylmy-usuly maslahat hem-de türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Gulmyrat Agamyradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň prorektory Hydyr Nunnaýew, şeýle-de, sport ulgamynyň jogapkär işgärleri we TDBSI-niň mugallymlary çykyş etdiler.
Olar hereketli oýunlaryň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, milli Liderimiziň bu ugurdaky tabşyryklarynyň geljekki ösüşlerimize badalga boljakdygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Şeýle-de, milli gymmatlygymyz bolan türkmen halysynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy dünýä ýaýmak babatda alyp barýan tutumly işleriniň öz miwesini berýändigini nygtadylar.
Dabaraly maslahat Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda geçirilip, onuň dowamynda sporty wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.
Çemen BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.