Ukrainanyň Harkow şäherinde geçirilen uşu (MMA) boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş edip, dürli görnüşli medallaryň 7-sine mynasyp boldular.
Türkmenistanly türgenler dünýä çempionatynyň dowamynda 2 altyn, 1 kümüş, 4 bürünç medal gazanmagy başardylar.
Çekeleşikli geçen ýaryşlaryň dowamynda Gurbanmuhammet Orazmuhammedow (+75 kg.) bilen Ruslan Kurbanow (84 kg.) dünýä çempiony boldy.
Ýene bir türkmen türgeni Ysmaýyl Döwletow (60 kg) çempionaty kümüş medal bilen tamamlady.
R.Öwezgeldiýew (40 kg.), S.Rahmedow (75 kg.), A.Nowruzow (+75 kg.) we H.Döwletow (93 kg.) bürünç medal gazanyp, hormat münberiniň 3-nji gatyna çykdy.
Uşu boýunça milli ýygyndymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Tirkiş Döwletow tarapyndan türgenleşdirilýär.
Tirkiş Döwletowyň ýolbaşçylygynda türkmen türgenleriniň ozalam ençeme iri ýaryşlarda üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek gerek.
www.msy.gov.tm