Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň taýýarlan konserti boldy.
Konsertiň dowamynda «Zöhre-Tahyr» operasyndan bölekler, Nury Halmämmedowyň «Türkmenistan» simfoniki eserleriniň 3-nji, 5-nji bölümleri, «Karmen» operasyndan uwertýura, simfoniki we wokal-simfoniki sazlar boýunça birnäçe çykyşlar ýerine ýetirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň konserti sport hünärmenlerini taýýarlaýan bu bilim ojagynyň talyplarynda ýakymly täsir galdyrdy.
Orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižory Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow konsertiň ýokary derejede geçirilmegine ýardam edendigi üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.