Soňky habarlar

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

Şu gün (11. 12. 2019) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly maslahaty geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow, şeýle-de, Ministrligiň garamagyndaky sport desgalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş etdiler.

Edilen çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanyşy, hormatly Prezidentimiziň dost-doganlygy berkitmekde alyp barýan işleri, halklary ýakynlaşdyrmakda türkmen sportuny ösdürmek boýunça umumadamzat ähmiýetli wakalar dogrusyndaky gürrüňler öz beýanyny tapdy.

«Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ata Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda geljekde hem ähmiýetli işleri durmuşa geçirmegi nazarlaýar» diýip, maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatyň guramaçysy bolup, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty çykyş etdi.

Bibi GAÝLYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.