Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrynda ýaryşyň final oýny başlandy.
Bu abraýly hokkeý ýaryşynyň toparçadaky bäsleşiginde öňe saýlanan «Şir» we «Nesil» toparlary özara güýç synanyşýarlar.
Diýseň çekeleşikli dowam edýän hokkeý bäsleşiginde hasaby ilkinji bolup «Şir» toparynyň hokkeýçileri açdylar. Emma «Nesil» hokkeý toparynyň hokkeýçileri bada-bat hasaby deňlediler. Ýzýanyndan bolsa 2:1 hasabynda öňe saýlandylar.
«Nesil» hokkeý toparynyň hokkeýçileri has tijenip, hasaby 3:1-e ýetirdiler. Final oýny barha gyzyşýar. «Nesil» toparynyň tora salan nobatdaky şaýbasyndan soňra hasap 4:1-e ýetdi.
«Şir» toparyndan Maksat Ataýew hasaby açdy. «Nesil» toparynyň düzüminde bolsa Begenç Döwletmyradow 3 sapar, Aman Aganyýazow bir sapar tapawutlandy.
Final oýny dartgynly ýagdaýda dowam edýär!
www.msy.gov.tm