Soňky habarlar

2019-njy ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriň jemine bagyşlanan maslahat

2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

2019-njy ýylyň 8-nji dekabrynda ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda şeýle maslahat Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde geçirildi. Bu ýerde tamamlanyp barýan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 11 aýynda ministrlik tarapyndan durmuşa geçirilen işler jikme-jik seljerildi. Gahryman Arkadagymyzyň 11 aýyň jemi boýunça geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisindäki tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýerine ýetiren işleri boýunça hasabatlar diňlenildi we olara seljerme berildi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň durmuşa geçirýän işlerine seredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sportuň görnüşlerini ösdürmek, şeýle-de, Olimpiýa görnüşleri boýunça toparlary açmak, olaryň sanyny köpeltmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrligiň ýolbaşçylary Diýarymyzda hereket edýän sport mekdepleriniň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdiler.   

Her bir işde Arkadag Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinden, tabşyryklaryndan hem-de sargytlaryndan ugur alyp zähmet çekmelidigini bellän Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew  ýurdumyzda geçirilýän dünýä we yklym derejesindäki ýaryşlara ünsi çekdi. Ministr Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty netijesinde tennis boýunça Dewisiň Kubogynyň bir tapgyrynyň Watanymyzda geçiriljekdigini aýdyp, munuň üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Galyberse-de, bu ýerde Baş müdirlikler tarapyndan guralýan çärelere döwrebaplygyň, täzeçilligiň mahsus bolmalydygy tabşyrylyp, olarda watançylyk duýgusynyň kämil nusgasynyň öz beýanyny tapmagyny gazanmak boýunça pikir alşyldy. Tälimçileriň işini kämilleşdirmek, olar bilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli mekdebimiziň kämil nusgasyny emele getirmek boýunça meseleler maslahatyň özenini düzdi.

Halkara Bitaraplyk gününe görülýän taýýarlyk işlerine hem uly ähmiýet berlip, tamamlanyp barýan ýyly üstünlikli jemlemek boýunça dowam etdirilmeli işler hakynda aýdyldy.

Welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlarynda gatnaşylan içerki we halkara ýaryşlarynyň netijeleri hakynda jikme-jik durlup geçildi. Olarda gazanylan netijeler geçen ýylyň degişli döwrüniň jemleri bilen deňeşdirilip, jikme-jik seljerildi.  Bu ýerde sport mekdeplerinden başlap, degişli desgalaryň işi birin-birin seljerildi. Öňdebaryjy etraplaryň sport we ýaşlar syýasaty bölümleriniň hem-de sport mekdepleriniň işini şöhlelendirýän slaýdlara seredildi we şeýle taslamalaryň sanyny artdyrmak tabşyryldy.

Netijeli maslahatyň ahyrynda milli sportumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.

 www.msy.gov.tm