Soňky habarlar

Olimpiýa şäherçesi öz saglygyny berkitmek isleýänleriň hyzmatynda

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilatyň saglygyny berkitmek, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý nesli terbiýeläp ýetişdirmek Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda döredilen sport infrastrukturasyny, şol sanda olimpiýa şäherçesiniň mirasyny netijeli ulanmak – esasy wezipeleriň biri hasaplanylýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Türkmenistan üçin Aziadanyň mirasy bolmak bilen, köp sanly nesillere hyzmat etjekdigini ynam bilen aýtmak mümkin. Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalary tutuş ýylyň dowamynda ulanylýar – ýurdumyzyň ýygyndy toparlary türgenleşik işlerini geçirýärler, dürli derejeli ýaryşlar, şol sanda abraýly halkara ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Onuň binýadynda işjeň dynç alşyň, sagaldyş ulgamynyň iri merkezini döretmek, köpçülikleýin sport hereketine gatnaşýanlaryň sanyny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ugrunda möhüm netijeler gazanylýar.

Aşgabat şäherinde Aziýa oýunlary geçirilenden soňra olimpiýa infrastrukturasynyň hyrydarlarynyň nä derejede kändigi bizi gyzyklandyrýan soraglaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda olimpiýa şäherjiginiň düzümine girýän türgenleşik zallaryna, sport toplumlaryna, fitnes zallaryna, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalaryna baryp, saglyklaryny berkitmekleri üçin raýatlarymyza şertler döredildi. Şeýle bolmak bilen, olimpiýa şäherçesine her aýda ýüzlerçe adam gelýär. Bu ýerde dürli ýaşdaky raýatlaryň türgenleşmegi we bedenlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Olimpiýa şäherçesiniň Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşmegi hem bu ýeriň artykmaçlarynyň biri bolup durýar.

Bu sport toplumyna gelýän adamlar bilen söhbetdeşlik edeniňde, olar bu ýerde döredilen amatly şertler, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ähli ugurlaryň, ýönekeýden çylşyrymla çenli ähli zatlaryň, tälim almak, işjeň dynç almak, sagaldyş çäreleriniň we köp sanly hyzmatlaryň göz öňünde tutulandygy barada aýdyp, bu mümkinçilikleriň häzirki zaman derejelere doly laýyk gelýändigini gürrüň berýärler.

Fitnes merkezlerinde raýatlarymyz amatly şertlerde fiziki maşklary edýärler. Bu merkezleriň ählisi güýç ulanylýan türgenleşikler üçin ýörite trenažvorlary, toparlaýyn sapaklary geçirmek üçin aýratyn ýerleri öz içine alýar. Olarda raýatlar diňe bir özleriniň fiziki ýagdaýlaryny gowulandyrman, eýsem okuwdan ýa-da işden boş wagtlarynda rahatlanýarlar. Bu ýerde tejribeli tälimçiler we hünärmenler enjamlary dogry ulanmak, türgenleşigiň meýilnamasyny düzmek boýunça özleriniň maslahatlaryny berýärler.

Ýurdumyzyň ýygyndy topary bolsa dürli desgalarda öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Ýygyndy toparlarymyz aziýa we dünýä ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezmegi maksat edinýärler we ädimme ädim her gün öňde goýlan maksatlara gidýärler. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda olimpiýa şäherçesiniň olimpiýa hereketine, sportuň ösdürilmegine özüniň goşandyny goşmagy dowam etdirýändigini nygtamak bolar. Ýygyndy toparlarymyz özüniň ygtyýaryna diňe bir obýektleri alman, eýsem olaryň sportuň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen gaýtadan taýýarlanmaklaryna, türkmen sporty üçin kadrlaryň taýýarlanmagy üçin binýady döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň mart aýynda gol çeken «2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda» Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde uzak möhletleýin sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen sport bazalary döretmeklik bellenildi.

Olimpiýa şäherçesinde raýatlarymyza türgenleşik geçmek boýunça mümkinçilikleriň döredilmegi öwgä mynasypdyr. Bugün deňi-taýy bolmadyk bu toplumda ilatyň sporta gyzyklanmanyň dowamly artmagyny hem hasaba almak bilen sportuň, sagdynlygyň, dynç alşyň utgaşdyrylýandygyny görmek bolýar. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň mirasy, onuň sport obýektleri paýtagtymyzyň we onuň myhmanlarynyň ykbalyna oňyn täsir edýär. Sport infrastrukturasyndan ilatyň peýdalanmagy häzirki zaman döwrümiziň, raýatlarymyzyň, şol sanda ýaşlaryň bähbitlerine gönükdirilip, ýaş nesilleriň jemgyýetçilik ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş hiliniň ýokarlanmagy, türgenlerimiziň professional ukyp-başarnyklaryň ösdürilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär.

 «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly (2, 2019)