Irkutsk säherinde badalga alan «Ýüpek ýoly» halkara ralli 15 ýyllyk ýubileý ýaryşyna, Türkmenistan döwletinden üç ekipaž gatnaşýar. Bu ýaryş Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçer. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
«Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşynyň taslamasy 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär we köp ýyllaryň dowamynda diňe bir Russiýanyň sebitlerini däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa ýurtlaryny hem birleşdirýär. Ralli ýaryşynyň ilkinji ugry Kazan şäherinden başlanyp, Gazagystanyň üsti bilen geçip, Aşgabatda tamamlandy.
«Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşy ähli resmi bäsleşik görnüşlerini öz içine alýar: ýük awtoulaglary, ýeňil awtoulaglar, bütin ýerüsti ulaglar, şeýle hem 2019-njy ýylda ýaryşyň maksatnamasyna goşulan motosikller we kwadrosikller.
Şu ýylky ýaryşyň uzynlygy 4811,6 kilometr bolup, ýaryş ýene-de Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçýär. Ralli ýaryşyna gatnaşyjylary Gobi çölünden we Altaý daglaryndan alyp geçer, ýöne bu ýyl ugurda täze hazyna peýda boldy – Baýkal köli.
T2 seriýaly off-road ulaglaryň derejesinde üç türkmen ekipažy çykyş edýär. Bu görnüşde Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyna «Nissan Patrol» kysymly ulaglarynda şu aşakdaky toparlar wekilçilik edýär: 2022-nji ýylyň ýeňijileri we geçen ýylyň kümüş medallarynyň eýeleri doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler (214-nji başlangyç belgisi), «Ýüpek ýoly–2024» ralli ýaryşynyň bürünç medallarynyň eýeleri Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow (215), şeýle hem Meýlis Abdullaýew we Italmaz Çaryýew (216).
«Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşy 22-nji iýulda Gorno-Altaýska tamamlanar.