Soňky habarlar

Paýtagtly tälimçileriň duşuşygy

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň sportuň görnüşleri boýunça baş tälimçileri bilen okuw maslahaty geçirildi.

Ýygnagy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow açdy. Soňra okuw-maslahatyna gatnaşýanlara söz berildi.

Okuw-maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymlary O.Isenowa, O.Öwezowa, Baýramberdi Baýryýew hem-de bu institutyň dosenti, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Gylyjowa, ýokary sport derejeli türgenleriň psihologiki taýýarlygy barada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiri Çaryýar Sylapow dagy çykyş etdiler.

Okuw-maslahatynda Gahryman Arkadagymyza türkmen sportuny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlary üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

www.msy.gov.tm