Soňky habarlar

Welosipedli ýörişe gatnaşanlaryň ýürek buýsanjy

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Döwletliler köşgünde geçirilen sport dabarasy ol ýerde bilim alýan okuwçylara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Olara hormatly Prezidentimiziň dürli ýyllarda erk eden welosipedleriniň gowşurylyp, okuwçylaryň şol ulag serişdesinde welosipedli ýörişe gatnaşmagy bu aýdylanlary tassyklaýandyr.

Döwletliler köşgünde bilim alýan 11-nji synp okuwçysy Ýusup Aýmedow: «Hormatly Prezidentimiziň göreledesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýärin. Esasan hem welosiped sportuny halaýaryn. Şonuň üçin 2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynyň durmuşymdaky ýatdan çykmajak wakanyň bolan günüdigini buýsanç bilen bellemelidirin» diýip, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň habarçysy bilen şatlygyny paýlaşdy.

Atahan Ýollyýew hem Döwletliler köşgünde bilim alýan okuwçylaryň biri bolup, sport dabarasynyň geçirilen güni welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ol:

–Biziň sporty hemişelik hemramyza öwürmegimiz we döwrebap bilim almagymyz üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, bu ynamy ödemek maksady bilen yhlasly okaýarys. Okuwdan boş wagtlarymyz sport  bilen meşgullanýarys. Welosipedli ýörişe gatnaşmagym bolsa şatlygymyza şatlyk goşdy – diýip, gürrüň berdi.

Bir söz bilen aýdanyňda, bu günki sport dabarasy diňe bir Döwletliler köşgüniň okuwçylary we mugallymlary däl, eýsem hemmeler üçin ýatdan çykmajak sport wakasy boldy.

www.msy.gov.tm