Soňky habarlar

Ýaponiýada topar 90 sekundyň dowamynda öz ýarym meýdançasyndan iki gol geçirdi

Ýaponiýanyň çempionatynda ikinji diwizionda çykyş edýän «Montedio Ýamagata» toparynyň futbolçylary «Ehime» toparynyň garşysyna oýnanlarynda öz ýarym meýdançalaryndan iki topy derwezä geçirdiler. Munuň üçin olara bary-ýogy 90 sekund gerek boldy.

Bu gollaryň ilkinjisini oýnuň 61-nji minudynda Şun Nakamura geçirdi. Şondan bary-ýogy bir ýarym minut geçende Tasuhiro Sakamoto öz ýoldaşynyň üstünligini gaýtalady hem-de oýnuň hasabyny 3:0-a ýetirdi. Şeýle hasap bilen bu oýunda «Montedio» ýeňiş gazandy.

Sakamotonyň urgysynyň diýseň güýçli bolmandygyny bellemek gerek, ýöne «Ehimeniň» derwezeçisi öz toparyny goldan halas etmegi başarmady. Çünki ol özüni Noýer hasap edip, meýdançanyň orta gürpüne gelipdi.  

 www.sport.rambler.ru