Soňky habarlar

 «Mersedes» taryhda 5000 utuk toplan üçünji topar boldy

«Mersedesiň» «Formula-1» ýaryşlarynda çykyş eden ähli döwründe toplan utuklarynyň sany 5000-den geçdi. Meksikada Lýuis Hemilton ýeňiş gazandy, onuň ýoldaşy Waltteri Bottas bolsa üçünji orny eýeledi. Bu netijeler Mersedesiň bu ýaryşlaryň taryhynda 5025 utuk gazanmagyna mümkinçilik berdi.

Nemes topary taryhda bu sepgide ýeten üçünji topar boldy. Bu görkeziji boýunça birinji orunda «Ferrari» barýar. Italiýalylaryň 8219,5 utugy bar. Ikinji orunda «Maklaren» (5319,5 utuk).

Meksikada gazanan ýeňşi «Mersedesiň» taryhynda ýüzünji ýeňiş boldy. Bu görkeziji boýunça nemes toparyndan «Ferrari» (238 ýeňiş), «Maklaren» (182) hem-de «Uilýams» (114) toparlary öňde barýarlar.

www.sports.ru