«Bu ajaýyp sergi döwletimiziň sport-taryhy mirasyny wagyz etmäge döredijilikli çemeleşmäniň hem-de ýurdumyzyň ylmy işläp-düzmeleriniň miwesidir. 3D enjamlarynda taýýarlanan gaýtalanmajak sungat eserleri, türgenleriň lowurdap duran heýkelleri sergä aýratyn özboluşlylyk berýär.
3D-neşirleriň serişdelerini himiki taýdan işlemek we yşyklandyrmak boýunça geçirilen köp sanly tejribeler lowurdap duran buzdan taýýarlanan şekillere haýran galdyryjy öwüşginleri çaýmaga mümkinçilik berdi.
Sergi sportuň gyşky görnüşlerine bagyşlanan hem-de onda lowurdap ýalkym saçýan 17 sany şekili, demirgazyk şapagyny şekillendirip görkezmek üçin zerur bolan, ýörite yşyklar bilen üpjün edilen meýdançalary öz içine alýan ajaýyp sungat eserleriniň giden bir toplumy bar.
Muzeý gymmatlyklaryny görkezmek üçin alýuminiý bilen aýnadan taýýarlanan ýörite tagçalar peýdalanylýar» diýip, taslamanyň awtory, Döwlet sport muzeýiniň direktory Ýelena Istýagina-Ýeliseýewa gürrüň berýär. Bu barada «www.rambler» habar berýär.
www.sport.rambler.ru