Soňky habarlar

«Ýyldyz» – ýeňiji

Futbol – gyzykly oýun. Şol sebäpli hem bu oýnuň muşdaklary artmasa kemelenok. Esasan hem, çagalaryň aglabasy futboly saýlap alýarlar. Paýtagtymyzdaky tejribeli tälimçileriň zähmet çekýän ýeri bolan Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde hem çagalary futbola höweslendirmek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda milli futbolumyzyň oýunçylarynyň aglabasynyň şu mekdebiň uçurymlarydygy hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň guramagynda 2008-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. 7 – 20-nji oktýabr aralygynda çekeleşikli ýagdaýda dowam eden ýaryşlaryň final duşuşygy «Dagdan» stadionynda geçirildi.

Şeýlelikde, GOÝÇÝSM-niň «Ýyldyz» topary ýeňiş gazandy. Topar çekeleşikli geçen final duşuşygynda «Ak altyn» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykdy. «Altyn täç» topary hormatly üçünji orny eýeledi.

Ýaryşlaryň dowamynda 5 gol geçirmegi başaran Arslan Baýramow («Ýyldyz») iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi. Ruslan Ýaýlymow iň gowy goragçy boldy. Saparmuhammet Saparow iň gowy derwezeçi diýlen ada mynasyp görüldi. Ysmaýyl Mämmedow ýaryşyň iň ýaş oýunçysy (10 ýaş) boldy.

– Toparlaryň bäsleşige gowy taýýarlyk görendigini bellemek gerek – diýip, Batyr Şyhyýew gürrüň berýär. – «Ýyldyz» toparynyň oýunçylary bolsa has-da netijeli çykyş etdiler. Şeýle-de, toparymyzda Kuwwat Taganow, Dawid Awanesow ýaly oýunçylar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Halypa tälimçi Konstantin Korotkowyň şägirtleri geçirilýän bäsleşiklerde şowly çykyş edýärler. Final duşuşygynda «Ak altynyň» hem örän gowy oýun görkezip, biziň toparymyza mynasyp garşydaş bolandygyny bellemek gerek.

Elbetde, geçirilýän bäsleşikler halypa tälimçilere öz şägirtleriniň ukyp-başarnygyna has-da giňişleýin seretmäge mümkinçilik döretse, ýetginjek oýunçylara toplan tejribelerini iş ýüzünde ulanmaga pursat döreýär. Umuman, geçirilen açyk birinjilik türkmen futbolunyň täze nesliniň kemala gelýändigini görkezdi diýip aýdyp bileris.

Azat MUHADOW,

GOÝÇÝSM-niň direktory.