Russiýaly buzda figuralaýyn typyjy türgen Weronika Žilina türgenleşikde dört aýlawly salhow böküşini ýerine ýetirdi.
11 ýaşly türgen Russiýanyň at gazanan tälimçisi Eteri Tutberidzeniň toparynda türgenleşýär. Ol 2018/19 möwsümine çenli Arhangelskde sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýardy. Iýul aýynda bu türgeniň ýerde üç aýlawly aksel böküşini ýerine ýetirýändigini görkezýän wideogörnüş peýda boldy.
Geçen möwsümde Žilina kiçi ýaşlylaryň arasynda Russiýanyň hem-de Moskwanyň birinjiliklerini eýeledi. Şeýle hem ol Russiýanyň Birinji teleýaýlymynyň «Doňaklyk döwri. Çagalar» atly taslamasyna hem gatnaşdy.