Soňky habarlar

Sportuň Olimpiýa görnüşleri hakynda söhbet: erkin göreş

Erkin göreş bilen meşgullanmagyň 5 peýdasy

Maksada okgunlylygy ösdürýär

Türgen ýeňiş gazanmak üçin yzygiderli türgenleşik geçýär. Üstünlige ýetmek üçin türgen hemişe türgenleşik pursadynda özüne agram bermekden gorkmaýar. Özüne buýrulan ýumşy ýerine ýetirmek üçin uly güýç sarp edýär. Ine, şol pursatda türgeniň maksada ýetmek ukyplary kemala gelýär.

Çalasynlygy kemala getirýär

Sportuň göreş görnüşi çalasynlygy talap edýän görnüşleriň sanawyna goşulýar. Şonuň üçin hem tälimçi türgeniň sporta başlan ilkinji gününden çalasynlygy kemala getirmek isleýär. Çünki ýaryş döwründe türgenleriň haýsysynyň çalasynlygy güýçli bolsa şol hem ýeňiş gazanýar. Garşydaşyňy ýeňmek üçin emele gelýän bu endik diňe bir sportda däl, eýsem gündelik durmuşymyzda hem ähmiýetli bolup durýar.

Çalt netije çykarmaga ýardam edýär

Erkin göreş özüniň emelleri bilen baýdyr. Ýaryş pursadynda garşydaşyňy ýeňmek üçin ulanýan emelleriň dogry saýlanylmagy, türgende çalt netije çykarmak endigini kemala getirýär. Özünde şeýle endigi kemala getiren türgen durmuşda gabat gelýän meseleleri hem tiz çözmegi başarýar.

Bedeniň çeýeligini, çydamlylygyny artdyrýar

 Sportuň erkin göreş görnüşinde tälimçi türgene türgenleşik pursadynda emelleri düşündirmekden başga-da, ýykylanda nähili ýagdaýda ýere düşmelidigini hem öwredýär. Emelleriň her biriniň dogry ýerine ýetirilmegi üçin bolsa yzygiderli gaýtalamak gerek. Emeliň dogry ýerine ýetirilýänçä gaýtalanmagy çeýelik, çydamlylyk ýaly häsiýetleri artdyrýar.

Bedene oňyn täsir edýär

Türgenleşik pursadynda haýsydyr bir emeli ýerine ýetirmek üçin birnäçe myşsalar hereket edýär. Bu bolsa myşsalaryň hemişe işjeň ýagdaýda bolmagyny üpjün edýär. Myşsalaryň yzygiderli sazlaşykly işlemegi beden agzalaryna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem ýürek urgusyny, dem alşy, immunitet ulgamyny kadada saklaýar.

Taýýarlan Kakageldi GAJYÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.