Soňky habarlar

«Liwerpulyň» futbolçysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

«Liwerpulyň» hem-de Angliýanyň ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnold Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, diýip «www.lenta.ru» habar berýär.
Futbolçy geçen möwsümde Iňlis premýer-ligasynda 12 gezek netijeli pas berdi. Bu bolsa ýaryşyň tutuş taryhynda goragda oýnaýan oýunçylar üçin iň gowy netijedir.
«Bu meniň üçin uly abraý. Men hemişe hüjüm edip, toparymyza mümkin boldugyça köp amatly pursatlary döretmäge çalyşýardym. Futbol toparlaýyn oýun, şonuň üçin hem meniň bu rekord netijäm topardaky ýoldaşlarymyň hyzmatynyň miwesi» ― diýip, iňlis futbolçysy belledi.
Aleksandr-Arnolda Ewertonyň goragçylary Endi Hinçkliffiň hem-de Leýton Beýnsiň öňüne geçmek başartdy. 1994/1995 hem-de 2010/2011 futbol möwsümlerinde olar degişlilikde 11 gezek netijeli pas etmegi başarypdylar.
Aleksandr-Arnold «Liwerpul» futbol toparynda çagalykdan tälim alan. Şu möwsümde 21 ýaşly bu futbolçy iňlis premýer-ligasynda geçiren sekiz oýnunda bir pökgini derwezä urdy we üç gezek netijeli pas berdi.