2019-njy ýylyñ 12-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyñ Buhara şäherinde 14 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda tamamlanan bäsleşikde (Bukhara ATF U14) türkmenistanly tennisçi gyz Anastasiýa Azimbaýewa goşa üstünlik gazandy. Bu barada Türkmenistanyň tennis federasiýasynda habar berdiler.
Türkmenistanly tennisçi gyz A.Azimbaýewa Aziýanyň tennis federasiýasynyň baýdagy astynda guralan bu bäsleşikde ýekelikde oýnamakda we jübütleriň bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp boldy.
Aziýanyň tennis federasiýasynyñ resmi saýtynda habar berlişi ýaly, «Bukhara ATF U14» ýaryşynda A.Azimbaýewa jübütleriň ýaryşynda gazagystanly Amira Kaztugan bilen bilelikde çykyş edip, 2-nji orny eýeledi.
Buharadaky netijeli çykyşlaryndan soňra Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň okuwçysy Anastasiýa Azimbaýewa öz ýaşytdaşlarynyň arasyndaky sanawda 4 basgançak ösüş gazanypdyr.
Sentýabr aýynyň ahyrynda Taýlandda (Nonthabur şäheri) Aziýanyň tennis federasiýasynyň guramagynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Anastasiýa Azimbaýewa gazagystanly Ariana Kolbassina bilen jübütde çykyş edip, ýeňiji bolupdy.