Soňky habarlar

Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň üstünde işlenilýär

Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta düýpli garaýşy – ilkinji nobatda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan ynsan saglygyny goramaga gönükdirilen syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu ynsanperwer syýasatyň baş maksady türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösen, sagdyn, bagtyýar nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zerur şertleri döretmekden ybaratdyr.

          Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň, ozaly bilen ýaş nesliň saglygyny berkitmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ilkinji derejeli wezipeleriniň biri hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine badalga berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Usulyýet topary beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň taslamasyny düzmäge girişdi.

         “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp taýýarlanylýan beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň häzirki wagtda sudurynyň, nyşanynyň we düzgünnamasynyň taslamasy taýýar edildi.

         Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň taslamasyny taýýarlanylanda basgançaklar boýunça raýatlaryň ýaş derejelerine laýyklykda, barlag talaplarynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişini ýerlerde deslapdan barlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň çäginde ýerleşýän orta mekdeplerinde, başlangyç, orta we ýokary hünär bilimini berýän okuw jaýlarynda degişli işler geçirildi.

         Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň jogapkär işgärleriniň gürrüň berşi ýaly, beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň esasy maksady – türkmenistanlylaryň ahlak we ruhy taýdan häsiýetleriniň emele gelmegi, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, uzak ýyllaryň dowamynda berk bedenli we sagdyn bolmagy, seýle hem önümçilikde işeňňir zähmet çekmekleri we geljekki türkmen ýigitlerini harby gulluga taýýarlamakdan ybarat bolup durýar.

          Munuň özi hormatly Prezidentimiziň sagdyn we berk bedenli nesli kemala getirmek baradaky tabşyryklaryny, hususan-da sport ulgamynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek babatda edilýän işlere itergi berer. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur!

www.msy.gov.tm

Kakajan Pirjanowyň kollažy.