Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny edara-kärhanalaryň ählisi özleriniň zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar. Şowhunly baýram günlerinde sport wakalarynyň buşlukçysy bolan Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly ildeşlerimiziň eline gowuşdy.
3 dilde ýerleşdirilen materiallardan ybarat bolan täze neşir «Независимость Туркменистана: физкультурно спортивное измерение» diýen buýsançly makala bilen açylýar. Makalada Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan sport üstünlikleri birme-bir beýan edilýär.
Bilşimiz ýaly, arzyly baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby halkymyza ajaýyp serpaý boldy. Ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyz-türkmen itleri hakynda ylmy maglumatlara, rowaýatlara, arhiw materiallaryna baý bolan bu eser okyjylaryň arasynda gysga wagtyň içinde mynasyp seslenme tapdy. Bu seslenme hem žurnalymyzyň ilkinji sahypalarynda orun aldy.
G.Gutlyýewanyň «Aşgabatdaky dünýä birinjilikleri: sportuň taryhyndaky täze sahypalar», A. Kadyrowyň «Halkara sport hyzmatdaşlygy: welosportçylar taýýarlanylar» atly giň göwrümli makalalarynda halkara sport hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilýär. Öňümizde boljak iri ýaryşlara görülýän taýýarlyk we daşary ýurt hünärmenleriniň pikiri anyk deliller bilen öz beýanyny tapýar.
Žurnalyň 3-nji sanynda türkmen türgenleriniň Tokio-2020 oýunlaryna görýän taýýarlygy dogrusyndaky söhbetlere giňden orun berlipdir. Tokio olimpiadasyna taýýarlyk görýän türgenler bilen taýýarlanan söhbetdeşlikler sportuň muşdaklaryny gyzyklandyrsa gerek.
Kakajan Pirjanowyň «Habibi meşhur eden tutluşyk» materialy başa-baş söweş sungatynyň muşdaklaryny ýakyndan gyzyklandyrar. Dagystanly türgen Habib Nurmagamedowy meşhur eden onuň emelimi ýa Makgregor bilen bolan tutluşygymy? Bu barada ady agzalan makala gürrüň berilýär.
Güýç-kuwwatyň gözbaşynyň sportdygyny hemmämiz bilýäris. Emma çeper sözüň hem adama täsir edýän täsin güýji bar. Muny Kakamyrat Rejebowyň «Ömür öwüşginleri» atly kyssa eserini ýa-da Kakamyrat Geldiýewiň “55 sözden hekaýa” atly terjimelerini okan adamlar göz ýetirerler.
Žurnalyň bu gezekki sanynda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliklerinde sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri beýan edýän ýörite sahypalar hem ýerleşdirildi.
Ady rowaýata öwrülen sport ýyldyzlary Maradona, Pele baradaky materiallar hem futbol muşdaklarynyň göwnünden turar.
Çaý başynda gazet-žurnala güýmenmegi halaýanlar üçin krosswordlar, tapmaçalar çap edildi. Okyjylaryň welosiped sportuna degişli taýýarlanan «Paýhas synagyny» çözmekde kynçylyk çekseler, žurnalda ýerleşdirilen Orazgeldi Saparowyň «Polat atyň taryhyndan» makalasyny okamagy maslahat berýäris.
Bulardan başga-da, türkmen tennisçileriniň, hokkeýçileriniň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri, ýaş çempionlar we beýlekiler baradaky guwandyryjy habarlary, gyzykly maglumatlary hem «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyndan okap bilersiňiz.
Çap edilen materiallar bilen tanyşlyk okyjylara halkara sport neşiriniň döredijilik topary bilen gaýybana pikir alyşmaga mümkinçilik berer.
Şirin ŞIRLIÝEWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.