Soňky habarlar

«Şagadam» 1000-nji utugyny gazandy

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda myhmançylykda «Merwden» üstün çykan «Şagadam» futbol kluby Ýokary ligada gazanan utuklarynyň sanyny 1000-e ýetirdi. Bu barada «turkmenportal.com» saýtynda habar berilýär.

Bu ýeňişden soňra 38 utuk toplan «Şagadam» milli çempionatda 2-nji ornuny saklap galýar. Aleksandr Klimenkonyň tälim berýänleri bu ýyl öňdäki iki ornuň biri üçin dalaş edýärler. Çempionatdyň tamamlanmagyna ýene-de 8 tapgyr galdy.

Çempionatyň ilkinji ýyllarynda «Hazar» ady bilen çykyş eden «Şagadam» 2002-nji ýylda welaýatlara wekilçilik edýän toparlaryň arasynda ilkinji bolup, Türkmenistanyň çempionatynyň altyn medalyny gazandy.

2003-nji we 2014-nji ýyllaryň çempionatyny «Şagadam» bürünç medal bilen tamamlady.

«Şagadam» futbol kluby 2007-nji ýylda Türkmenistanyň kubogyny eýeledi. 2002-nji we 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň kubogynyň, 2007-nji ýylda Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň finalynda oýnady.

 «Şagadam» futbol kluby Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda üznüksiz çykyş edip gelýän 3 klubuň biridir. Bu sanawda «Nebitçi» we «Merw» klublarynyň hem bardygyny ýatladýarys.