Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen indi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň biri-de Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginde ýerleşýän Sport desgasynda geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Abadan etrap merkezinde ýerleşýän 3-nji sport mekdebiniň türgenler toparlary ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça gyzykly hem-de täsirli sahnalary görkezdiler. Bu sahnalarda adamlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini dogry we doly berjaý etmelidigi, seresaply bolmalydygy wagyz edildi.
Hakykatdan-da, ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary kanun esasynda kesgitlenendir. Umuman, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligine degişli bolan 3-nji sport mekdebiniň türgenleri diňe bir öz söýgüli sport görnüşleri däl, eýsem, köçe-ýol hereketleriniň düzgünlerini hem gowy bilýändiklerini we yzygiderli öwrenýändiklerini sahnalar arkaly beýan etmegi başardylar.
Sportuň ot üstündäki hokkeý görnüşi bilen meşgullanýan türgenler toparlarynyň özara duşuşyklary hem bu sport desgasyna gelen abadanlylardyr myhmanlar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.
Maksat JUMAÝEW,
erkin göreş boýunça tälimçi, Büzmeýin etrap
Halk maslahatynyň agzasy.
«Türkmen sporty» gazeti (28.09.2019)