Sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerindäki çärelere ýaş olimpiýaçylarymyz işjeň gatnaşýarlar. Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine bagyşlap açyk sapaklar, dürli bäsleşikler, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.
Bu çäreleriň esasy maksatlarynyň biri köçelerde we ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegini gazanmakdyr. Mekdebimizde ýaş suratkeşleriň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda çeken suratlarynyň gyzyklanma bilen garşylanandygyny hem aýratyn nygtamak gerek.
Atajan Berdiýewiň, Yslam Kuwwatgeldiýewiň, Myrat Aşyrowyň, Kuwwat Meretgeldiýewiň, Tirkiş Pirgulyýewiň hem-de Isa Kasymowyň çeken suratlary has-da ýokary baha mynasyp boldy. Olaryň sport ýaryşlarynda hem şowly çykyş edýändiklerini bellemek gerek.
Şeýle-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýuna bagyşlanyp hekaýa ýazmak, goşgy goşmak, aýdym aýtmak ýaly çykyşlar guraldy. Alihan Batyrowyň ýerine ýetiren aýdymlary hem elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Jemal MURADOWA,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işler boýunça orunbasary.
«Türkmen sporty» gazeti (28.09.2019)