2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergi doly derejede döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň mümkinçiliklerini görkezýär. Şeýle-de, sportda gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredilipdir. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň pawilýonynda sportda ýetilen sepgitler bilen köptaraplaýyn tanyşmaga mümkinçilik döredilipdir.
Sergi 24-nji senýabrda öz işini tamamlar.