6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň lukmanlary bilen dopinge garşy göreşe bagyşlanyp, okuw-maslahat geçirildi.
Maslahaty Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow açdy. Soňra Türkmenistanyň dopinge garşy göreşmek boýunça Milli agentliginiň wekili Leýla Artykowa çykyş etdi. Hünärmen Türkmenistanda dopinge garşy göreşmek baradaky syýasatyň amala aşyrylyşy barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň lukmany Orazgeldi Manaýew sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary taýýarlamakda sport lukmançylygynyň ähmiýeti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň ortoped lukmany Serdar Bäşimow sportuň görnüşlerinde duş gelýän şikesleriň öňüni almak barada çykyş etdiler.
Soňra Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafederasynyň müdiri Güljahan Ýalkapowa sport binalarynda gigiýeniki talaplaryň berjaý edilişiniň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Saglygy dikeldiş merkeziniň sport lukmany Aýgözel Nuryýewa Olimpiýa şäherjigindäki Saglygy dikeldiş merkeziniň alyp barýan işi barada gürrüň berdi.
Okuw-maslahatyň bütin dowamynda hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny, saglyk ulgamyny ösdürmegi ugrunda edýän işleri barada hoşallyk sözleri aýdyldy.
Allanur ÇARYÝEW,
«Türkmen sporty» (07.09.2019).