Soňky habarlar

PAÝTAGTYŇ BIRINJILIGI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, şeýle-de, bu müdirlige degişli bolan Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň guramagynda küşt boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Ýaryş 9 tapgyrdan ybarat boldy.

Şeýlelikde, 7 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Ybraýym Serdarow hem-de Aýlara Mammedowa ýeňiji boldy. 9 ýaşa çenli küştçüleriň bäsleşigi Serdar Yhlasow bilen Sähra Azimowanyň ýeňşi bilen tamamlandy. 11 ýaşa çenli küştçülerden Muhammet Muhammedow hem-de Mähri Gurbangeldiýewa tapawutlandylar. 13 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Ahmet Gubataýew we Merýem Agajanowa öňdeligi eýelediler. 15 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Azat Annageldiýew hem-de Merjen Batyrowa, 17 ýaşa çenli küştçülerden Öwez Hojagulyýew we Aýşa Gubataýewa üstünlik gazanmagy başardylar.

Baýrakly orunlary eýelän türgenlere Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

– Bäsleşikleriň çekeleşikli häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek – diýip, Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew gürrüň berdi. – Şu bäsleşikde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Serdar Baýramsähedowyň we Aýdogdy Atabaýewiň, şeýle-de, Ahmet Ödäýewiň, Annamuhammet Atabaýewiň, Meretgeldi Amangeldiýewiň, Aşyr Meredowyň, Begenç Annaýewiň, Aýnur Isaýewanyň, Aknur Işangulyýewanyň şägirtleri has-da tapawutlanmagy başardylar. Küşt boýunça geçirilýän bäsleşikler çagalaryň kämilleşýändiklerini görkezýär. Bu zatlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen sportunyň ösmegi barada edýän tagallasy netijesinde amala aşyrylýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Rejep ORAZMUHAMMEDOW,

«Türkmen sporty».