Soňky habarlar

TÄSIRLI ÝATLAMALAR

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we durmuşymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam eden günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çagalar wagtlaryny şadyýan geçirip, ýatdan çykmajak wakalaryň şaýady boldular. Çagalar aýdym aýtmakda, tans etmekde, kenar ýakasynda çägeden dürli şekilleri ýasamakda, sport we beýleki ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň 10-njy sport mekdebiniň türgenleri bilen birlikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almak paýy bize-de miýesser etdi. Bu çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda aň-paýhas we bedenterbiýe-sport bäsleşikleri guraldy. Stol tennisi boýunça geçirilen ýaryşa gatnaşan türgenlerimiz hem öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezindäki bäsleşikleriň ýokary derejede guralandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ugurda iş alyp baran merkeziň ýolbaşçysy Gahryman Babamyradowa, uly mugallym Maýa Durdyýewa, kömekçi mugallym Mekan Aýdogdyýewe, gorag bölümiň başlygy Grigoriý Oganowa we beýlekilere öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Arzy-Aman SEÝIDOW,

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.