Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewiň täze kitaby okyjylara gowuşdy. Ol Gahryman Prezidentimiziň «Bu gün biziň Diýarymyz bagtly çagalyk ýurdudyr, ýaşlaryň ähli isleg arzuwlarynyň hasyl bolýan ülkesidir diýip arkaýyn aýdyp bileris» diýen sözleri bilen açylýar.
«Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen kitapda Diýarymyzda küşt oýnunyň ösüşi, onuň ösmegine ýardam eden ussatlar barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Dürli döwürde özleriniň ussatlygyny görkezip, adygan küştçüleriň suratlary, olar baradaky gyzykly maglumatlar küşt söýüjileriň ünsüni çekse gerek. Oba küştçüleriniň arasynda SSSR-iň ozalky çempiony Täşli Taýlyýew, belli küştçülerimiz Gurban Hanow, Maşa Pälwanow, Mämmet Nurmämmedow we beýlekiler barada hem gürrüň berilýär. Olaryň dürli döwürdäki oýunlary suratlarda şöhlelenýär. Kitap iki dilde – türkmen we rus dillerinde çap edildi.
H.NURMÄMMEDOW,
«Türkmen sporty».