Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ähmiýetini ýyl-ýyldan artdyrýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy bütin adamzadyň gündelik aladasyna öwrülen esasy meseleleriň biridir. Hut şol sebäpden hem, ýurdumyzda ýörite düzülen meýilnamalar esasynda raýatlarymyzyň arasynda utgaşykly wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Bilşimiz ýaly, sentýabr aýynyň 1-inden «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda ýol-ulag ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ýol-inženerçiliginde ýagtylandyrylýan, ýagtylygy yzyna gaýtarýan dürli görnüşdäki ýol belgileri ulanylýar. Oklaw ýaly göni we aýna ýaly tekiz ýollaryň gatnawly böleklerinde ýol çyzgytlaryň dogry çyzylmagy bolsa diňe sürüjini habardar etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýol hereketine gatnaşýan pyýadanyň hem howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.
Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen her bir kadany doly we dogry ýerine ýetirsek, özümiziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň jan saglygyny aýadygymyz bolar. Goý, her bir maşgala agzasynyň ömrüniň rahatlygy üçin aladalanýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
«Türkmen sporty»