Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna girişdiler

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabryna çenli Hytaýyň Ningbo şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu ýaryş türgenler üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar, sebäbi ol 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji ýaryşydyr.

Dünýä birinjiliginde Türkmenistana 11 türgen wekilçilik eder. Olar dünýäniň iň ezber agyr atletikaçylary bilen Olimpiýa ýollanmasy ugrunda bäsleşerler. Türgenler bilen bilelikde Hytaýa üç tälimçi hem gider. Toparyň taýýarlygynda we ýokary netijeleri gazanmak ugrunda olaryň işi möhüm ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňünde halkara sport möwsüminiň täze tapgyry açylýar. Ningbo şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty diňe bir güýjüň, tehnikanyň we erkiň synagy bolman, eýsem, Olimpiýa maksadyna tarap ilkinji ädimleri ädip, möhüm tejribe toplamak üçin hem uly mümkinçilikdir.

www.sportcom.gov.tm