Şu günlerde Samarkant dünýäniň hakyky küşt paýtagtyna öwrüldi. 15–27-nji sentýabr aralygynda geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda toparlaýyn baýraklar ugrunda erkekleriň 206, zenanlaryň bolsa 190 ýygyndysy bäsleşýär. Olaryň arasynda küşt ýaryşyna ynamly başlan Türkmenistanyň ýygyndy toparlary hem bar.
Birinji tapgyr türkmen küştçileri üçin netijeli tamamlandy. Erkekler ýygyndysy Gündogar Timorynyň toparyny 4:0 hasabynda ýeňip, zenanlar ýygyndysy hem Lihtenşteýniň toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ynamly ýeňişler dünýäniň esasy toparlaýyn küşt ýaryşynda mundan beýläkki göreş üçin şowly başlangyç boldy.
Erkekler toparynyň düzüminde Saparmyrat Ataýew, Amanmuhammet Hommadov, Şahruh Turaýew we Wepaly Halynyazow ýeňiş gazandylar. Zenanlar ýygyndysynyň üstünlikli çykyşyny Leýla Şohradowa, Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa üpjün etdiler. Iki toparyň hem öňdebaryjy küştçüleri — Meýlis Annaberdiýew bilen Lala Şohradowa — birinji tapgyrda ätiýaçdaky düzümde galdylar.
Bu dört ýeňşiň aňyrsynda yzygiderli we maksada gönükdirilen taýýarlyk bar. Gazagystanda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary, tomusky türgenleşikler hem-de halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanowyň ýolbaşçylygynda Olimpiadanyň öňüsyrasynda geçirilen iki hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türgenlerimiziň ýaryşa gowy taýýarlykly gelmegine ýardam berdi.
Ýaryşyň dowamyndaky duşuşyklar hem uly gyzyklanma döredýär. Eýýäm ikinji tapgyrda milli ýygyndylarymyza güýçli garşydaşlar garaşýar: erkekler topary Serbiýanyň, zenanlar ýygyndysy bolsa Polşanyň topary bilen duşuşar. Hut şeýle jogapkärli duşuşyklar küştçüleriň ussatlygyny, sabyrlylygyny we toparlaýyn ruhuny görkezýän hakyky synaga öwrülýär.
Iki ýyl mundan ozal Budapeştde geçirilen Olimpiadada Türkmenistanyň ýygyndylary öz reýting derejelerine laýyklykda mynasyp netijeleri gazandylar. Häzirki Olimpiada şol üstünlikleriň dowamy hökmünde täze tejribe toplamaga we halkara küşt meýdançasynda öz mümkinçiliklerini has-da aýdyň görkezmäge şert döredýär.
Küştde uly ýeňiş ilkinji göçümden başlanýar. Samarkantda türkmen küştçileriniň şol ilkinji ädimi ynamly ädildi. Öňde ýene-de 10 tapgyr bar. Şol küşt tagtasynyň başyndaky bäsleşiklerde erjellik we ýeňşe bolan erk öz beýanyny tapar.