«Arkadag» futbol kluby milli futbolymyzyň taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy. Bu futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda yzly-yzyna 100-nji ýeňşini gazandy. Ýokary liganyň 20-nji tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri paýtagtymyzdaky «Nisa» stadionynda «Aşgabat» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar.
Bu ýeňşiň ähmiýeti diňe bir ýubileý sany bilen çäklenmeýär. 2023-nji ýylda döredilen gününden bäri «Arkadag» milli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri görkezýär. Klub ilkinji möwsüminde 24, ikinji möwsüminde 30, geçen möwsümde bolsa 28 ýeňiş gazanyp, yzly-yzyna üç çempionaty ýeňişli görkezijiler bilen tamamlady. 2026-njy ýylyň häzirki möwsüminde hem «Arkadag» futbol kluby bu ýörelgäni dowam etdirip, eýýäm 18 duşuşykda ýeňiş gazandy.
Toparyň çempionatdaky üstünlikleri bilen bir hatarda, onuň hüjümçisi Didar Durdyýew hem milli çempionatyň iň netijeli hüjümçileriniň sanawynda öňdebaryjy ornuny has-da berkidýär. Hüjümçiniň hasabynda eýýäm 18 gol bar. Olaryň üçüsi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi.
«Aşgabat» bilen geçirilen duşuşyk ilkibaşda 12-nji sentýabra meýilleşdirilipdi. Emma «Arkadagyň» sentýabryň ortalarynda başlanjak AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna taýýarlanandygy sebäpli duşuşyk başga güne geçirilipdi.
AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň bije çekilişiginiň netijesinde Türkmenistanyň çempiony «B» toparçasynda çykyş eder. «Arkadagyň» toparçadaky garşydaşlary Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» klublary bolar.