2026-njy ýylyň 31-nji awgustyndan 6-njy sentýabryna çenli döwürde Gyrgyzystanda Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary geçiriler. Bu däbe öwrülen oýunlaryň maksatnamasyna oňa gatnaşýan ýurtlaryň milli oýunlarynyň 40-dan gowragy girizilipdir. Şolaryň hatarynda türkmen milli göreşiniňem mynasyp orun alandygyny aýtmak gerek.
Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary halklaryň sport we medeni mirasyny gorap saklamak hem-de ösdürmek üçin halkara meýdançasyna öwrüldi. Türkmen milli göreşiniň Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary maksatnamasyna girizilmegi onuň milli sport görnüşleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýändigini görkezdi.
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna 2014-nji ýylda 19 döwlet gatnaşan bolsa, 2026-njy ýylda olaryň sanynyň rekord derejä ýetjekdigi habar berilýär. Hususanda şu ýyl 20-ä golaý ýurduň wekilleriniň etnosport ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşmagyna garaşylar.
Ýaryşlaryň açylyş we ýapylyş dabarasy Bişkek şäherinde guralar. Bäsleşikler bolsa Yssyk-Kölde dowam eder. Guramaçylar her 2 ýyldan bir gezek guralýan ýaryşa dostlukly ýurtlardan 100 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşýandyklaryny habar berýärler.
Türkmenistan üçin bu etnosport forumynda çykyş etmek aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda türkmen türgenleri dürli ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemlän halkara meýdançasynda öz ussatlyklaryny dünýä sport jemgyýetçiligine görkezmäge mümkinçilik aldylar.