Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda Yragyň ýygyndysyny ýeňdiler

Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň saýlama tapgyrynda Yragyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, möhüm üstünlige eýe boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Biziň ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda jemi 7 milli ýygyndy bäsleşýär. Olar üç we dört toparly iki toparça bölünendir.

Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparçasynda Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndy toparlary bilen çykyş edýär. «A» toparçasynda bolsa Kataryň, Demirgazyk Marian adalarynyň we Şri-Lankanyň ýygyndy toparlary bäsleşýär.

Türkmenistan bilen Yragyň ýygyndylary 2010-njy ýyldan bäri Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda alty gezek duşuşdy. Şol duşuşyklaryň bäşisinde türkmen tennisçileri ýeňiş gazandy, diňe 2011-nji ýylda yraklylar 2:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Soňky gezek bu iki topar 2021-nji ýylda Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV topar ýaryşynda duşuşypdy. Şonda hem Türkmenistanyň ýygyndysy Yragyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňipdi.

Türkmenistanyň tennisçileri bu gezek hem ýeňişli tapgyryny dowam etdirdi. Hasap 3:0 bolsa-da, ýeňiş aňsat gelmedi. Bäsdeşler meýdançada bäş sagatdan gowrak wagtlap bäsleşdiler. Esasan hem ilkinji ýekelikdäki duşuşygy örän dartgynly we uzak dowam etdi. Onda Resul Ataýew 3 sagat 15 minut dowam eden oýunda Akam Bakry 7:6(7:5), 1:6, 7:5 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda öňe çykardy.

Ikinji ýeňiş utugyny Ali Geldiýew gazandy. Ol Mohammed Al-Şammarini 6:4, 6:3 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk 1 sagat 53 minut dowam etdi.

Jübütlikdäki duşuşykda bolsa Selim Çagylow bilen Ali Geldiýew Mohammed Al-Şammari we Amin Al-Ubaýdiden 6:3, 6:2 hasabynda üstün çykdy. Bu oýun 1 sagat 4 minut dowam etdi.