Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) binasynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2026-2027-nji ýyllar möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň bijesi çekildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň üç gezek çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň toparçadaky garşydaşlary hem belli boldy.

Bije çekişligiň netijesinde «Arkadag» topary «B» toparçasyna düşdi. Türkmen topary bu tapgyrda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» hem-de Bahreýniň «Al-Muharraq» toparlary bilen duşuşar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

AFK-nyň howandarlygynda geçirilýän bu ýaryş geljekki möwsümde 22-nji gezek guralar. Toparçalaýyn tapgyra 23 ýurtdan 32 topar gatnaşar.

AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda toparlar geografik aýratynlyga görä Günbatar we Gündogar zolaklaryna bölündi.

Günbatar zolagy

«A» toparça: «Al-Wahda» (BAE), «Nasaf» (Özbegistan), «Al-Kuweýt» (Kuweýt), «Al-Halidiýa» (Bahreýn).

«B» toparça: «Al-Jazira» (BAE), «Gol Gohar» (Eýran), «Al-Muharrak» (Bahreýn), «Arkadag» (Türkmenistan).

«C» toparça: «Al-Taawun» (Saud Arabystany), «Al-Raýýan» (Katar), «Al-Faýsaly» (Iordaniýa), «Al-Nahda» (Oman).

«D» toparça: «Al-Huseýn» (Iordaniýa), «Al-Şorta» (Yrak), «Al-Seeb» (Oman), «East Bengal» (Hindistan).

Gündogar zolagy

«E» toparça: «Seoul FC» (Koreýa Respublikasy), «Melbourne Victory» (Awstraliýa), «The Cong-Viettel» (Wýetnam), «Persib Bandung» (Indoneziýa) / «Manila Digger» (Filippinler).

«F» toparça: «Adelaide United» (Awstraliýa), «BG Pathum United» (Taýland), «Lion City Sailors» (Singapur), «Tai Po» (Gonkong).

«G» toparça: «Machida Zelvia» (Ýaponiýa), «Shanghai Shenhua» (Hytaý), «Preah Khan Reach Svay Rieng» (Kamboja), «Tampines Rovers» (Singapur).

«H» toparça: «Gangwon FC» (Koreýa Respublikasy), «Kuching City»

(Malaýziýa), «Kitchee» (Gonkong), «Phnom Penh Crown» (Kamboja).

Toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklar 15-nji sentýabrdan 9-njy dekabra çenli geçiriler. Bu tapgyrda toparlaryň her biri öýünde üç, myhmançylykda üç duşuşyk geçirip, öz toparçasyndaky garşydaşlarynyň her biri bilen iki gezek oýnar. Her toparçadan iň gowy netijä eýe bolan iki topar 1/8 final tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.

1/8 final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 9 – 18-nji fewralynda, çärýek final duşuşyklary 2 – 18-nji martda, ýarym final duşuşyklary 6 – 14-nji aprelde geçiriler. Final duşuşygy bolsa 15-nji maýda bolar. Ýaryşyň ýeňijisi indiki möwsümde AFK-nyň elit Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna göni gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýatladyp geçsek, «Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryna saýlama tapgyrda Hindistanyň «Goa» toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip çykdy.