Türkmenistan Watanymyzda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda tennisi ösdürmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geljegine uly umyt bildirilýän başarjaň tennisçiler kemala gelýär.
Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Mary şäheriniň «Mary» myhmanhanasynyň tennis kortunda geçirilen tennis boýunça welaýatyň açyk birinjiligi ýaş tennisçiler üçin nobatdaky synag boldy.
Mary welaýatynyň açyk birinjiliginde 2008-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlar çykyş etdiler. Açyk birinjiligiň dowamynda ýurdumyzyň dürli welaýatlaryna wekilçilik edýän türgenler baýrakly orunlar ugrunda güýç synanyşdylar.
Ýeňiji bolan we tapawutlanan tennisçilere guramaçylar tarapyndan sylaglar gowşuryldy.
R.Gurbanmuhammedow,
Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň direktory.