Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardäýewa Sindaoda geçirilen Gran-pri ýaryşynda altyn medal gazandy

Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda Maýsa Pardaýewa altyn medala mynasyp boldy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy. Ýarymfinalda Maýsa ýaponiýaly Momo Tamaokiniň ýeňişli tapgyryny soňlap, finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Aýgytlaýjy tutluşykda bolsa ol Fransiýanyň wekili Marta Fawaz bilen duşuşdy. Goşmaça wagtyň başynda Maýsa emel geçirip, («ippon») arassa ýeňiş gazanyp, altyn medala mynasyp boldy.

«Ýeňiji bolmak elmydama meniň iň uly arzuwym. Halkara arenasyndaky ilkinji altyn medalyma örän buýsanýaryn. Halkara ýaryşlaryndaky bu üstünlik Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge bolan islegimi we höwesimi has-da artdyrdy. Meniň esasy maksadym XXXIV Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmak» diýip, Maýsa ýeňişden soňky şatlygyny paýlaşdy.

Sindaodaky ýaryş dzýudoçylar üçin uly ähmiýete eýedir. Çünki bu 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin saýlama bäsleşikleriň ikinji tapgyry bolup durýar.

Maýsa golaýda Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda bürünç medal gazanypdy. Ýeri gelende bellesek, tejribeli türgen 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiadada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edipdi. Şeýle hem ol 2022-2023-nji ýyllarda ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogynda, 2024-nji ýylda bolsa Ýewropanyň açyk çempionatynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykypdy we şol ýyl Antalýa «Uly tuwulgasynda» bürünç medala mynasyp boldy. Ol halkara giňişlikdäki ýeke-täk kümüş medaly 2023-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky Ýewropanyň Kubogynda gazanypdy.

 

«Türkmen sporty» gazeti