Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Sanýa şäherinde 2026-njy ýylyň VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu iri sport ýaryşy Aziýa yklymyndan 45 sany milli Olimpiýa komitetini birleşdirdi.

Açylyş dabarasy Tianya Haijiao toplumynyň kenarýaka zolagynda geçirildi. Ýaryşlaryň açylyş dabarasy adaty stadionda guralýan çykyşlardan tapawutlandy: ähli çäre deňziň kenarynda alnyp baryldy, tomaşaçylar bolsa çykyşlaryň geçýän ýerine juda ýakyn ýerleşdirildi.

Gutlag sözi bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Joaan bin Hamad Al Tani çykyş etdi. Ol Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetine, Sanýa şäherine we Hytaýyň Olimpiýa komitetine ýaryşlaryň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de, Hytaý Halk Respublikasynyň halkara sport çärelerini, şol sanda tomusky we gyşky Olimpiýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek boýunça baý tejribesiniň bardygyny aýratyn belledi. VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň resmi açylandygyny Şen Isin yglan etdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa kenarýaka oýunlary 22–30-njy aprel aralygynda geçirilýär. Oňa takmynan 1790-a golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşlar Sanýa aýlagynyň ugrunda ýerleşýän sekiz sany klaster zolagynda, şol ady göterýän derýanyň kenarynda hem-de şäheriň sport merkezinde guralýar. Şeýle-de guramaçylyk işlerinde bar bolan sport desgalaryny ulanmak we döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Hytaý bu oýunlary taryhynda ikinji gezek kabul edýär. Mundan öň bu köp görnüşli sport çäresi 2012-nji ýylda Haýýang şäherinde geçirilipdi.

 

www.sportcom.gov.tm