Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

TÜRKMEN TÜRGENLERI SYNAGDAN GEÇÝÄRLER

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa-Okeaniýa açyk çempionatynda

Para-Pauerlifting boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 7 — 12-nji aprel aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilen Aziýa-Okeaniýa açyk çempionatyna gatnaşdy. Toparyň düzüminde 7 türgen Türkmenistana wekilçilik etdi. Bu açyk çempionata gatnaşmak üçin milli ýygyndymyzyň agzalary 3 — 12-nji aprel aralygynda dostlukly ýurtda iş saparynda boldular.

 

Agyr atletikaçy zenanlarymyz okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň zenan türgenleri 6 — 30-njy aprel aralaygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. Toparda 9 türgen we 2 tälimçi bar. Bu halkara sport çäresine gatnaşmak üçin milli ýygyndymyz 6 — 30-njy aprel aralygynda dostlukly döwletde iş saparynda bolýar.

 

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.