Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjigi

Bedenterbiýe we sport arkaly ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda «Olimp» orta sport mekdebinde yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär, şol ýaryşlarda okuwçylarymyz baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Dzýudo boýunça 2009-2010-njy we 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda «Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjigi geçirilende bu aýdylanlara npbatdaky gezek şaýatlyk etdik.

Açyk birinjilikde «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçylary dürli agram derejelerinde çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenlere «Olimp» orta sport mekdebi tarapyndan Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşyryldy.

 Kuwwatgylyç Nurgylyjow,

«Olimp» orta sport mekdebiniň direktorynyň  sport işleri boýunça  orunbasary.