28-nji martda paýtagtymyzyň «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde köpçülikleýin sport çäre – tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler. Sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam etjek bu çäre sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan geçirilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Şunuň ýaly çäreleriň uly jemgyýetçilik ýerlerinde geçirilmegi giň halk köpçüligini, ilkinji nobatda-da, ýaşlary bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmäge gönükdirilendir.
Merkeziň myhmanlary we sapaga gelenler üçin baý mazmunly maksatnama taýýarlanypdyr, ol alty oýunçynyň gatnaşmagynda görkezme oýnuny, oýnuň esasy elementlerini we hünäri emelleri görkezmek hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasyndan hünärli hünärmeniň ýolbaşçylygyndaky ussatlyk sapagyny öz içine alýar. Çäräniň barşynda her bir adam berlen hünär enjamlaryny, ýagny raketkalary we toplary ulanmak bilen, meýdançada öz başarnygyny synap görüp bilerler. Şu maksat bilen merkeziň çäginde tor we zerur türgenleşik enjamlary bolan göçme tennis meýdançasy dörediler.
Guramaçylar bu çäräniň esasy maksadynyň olimpiýa sporty hökmünde tennise bolan gyzyklanmany artdyrmak we raýatlara işjeň dynç alşa gatnaşmaga mümkinçilik döretmekdigini belleýärler.