Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

8 altyn, 8 kümüş, 4 bürünç medal

Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri Italiýa Respublikasynyň Jesola şäherinde geçirilen Dünýä kubogyna gatnaşyp, 8 altyn, 8 kümüş we 4 bürünç medala eýe boldular.

Dünýäniň 47 döwletinden 4 müňden gowrak türgeni özünde jemlän bu kubok ýaryşynda türkmen türgenlerimiziň görkezen netijeleri buýsandyryjydyr. Olar kikboksingiň “Low Kiсk”, “K-1”, “Full Contast” ýaly nusgalary boýunça dürli agramlarda we ýaş toparlarynda üstünlikli çykyş edip, medallaryň 20-sini eýelemegi başardylar. Has takykygy, Häjymyrat Geldimämmedow, Atajan Atamuradow, Gündogdy Döwletgeldiýew, Rasul Rustamow, Şageldi Musaýew, Hydyr Mätiýew, Raşit Geldimämmedow, Nazrulla Bazarow — altyn medallary, Ýazberdi Ýazberdiýew, Bezirgen Babaýew, Eziz Meredow, Pygy Sylabow, Akmyrat Akyýew, Ýalkap Aşyrmyradow, Omar Myratlyýew, Islam Rahmetow — kümüş medallary, Mekan Mürrükow, Selimberdi Babaýew, Rahymberdi Mämmetgeldiýew, Mekan Begmämmedow — bürünç medallary gazandylar.

 

www.sportcom.gov.tm