Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly boksçylar halkara sport çärelerinde

Boks boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri häzirki wagtda 10 — 26-njy mart aralygynda Şymkent şäherinde (Gazagystan Respublikasy) geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar.

Toparyň düzüminde 17 türgen, 3 tälimçi, 1 lukman we 1 owkalaýjy çykyş edýär.

***

Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan soň, milli ýygyndy toparymyz 28-nji mart — 11-nji aprel aralygynda Ulan-Bator şäherinde (Mongoliýa Halk Respublikasy) geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşar. Bu toparyň düzüminde 8 türgen, 2 tälimçi, 1 owkalaýjy, 1 lukman we 3 wekil çykyş eder.

Bu halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyz 9-njy mart — 12-nji aprel aralygynda dostlukly döwletlerde iş saparynda bolýar.

 

www.sportcom.gov.tm