Aşgabatda geçirilýän 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary iň oňat bäş toparyň hataryna goşuldy. Didar Hajyýewiň we Mekan Nasyrowyň şägirtleri bu üstünligi 5-nji orun ugrundaky duşuşykda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny ýeňmek bilen gazandylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Ýaşlar ýygyndysy üçin bu ýeňiş aňsat düşmedi. Ikinji ýarymyň ortalaryna çenli olar Arslan Saparowyň 27-nji minutda we Orazgeldi Seýidowyň 60-njy minutda geçiren gollaryndan soň 0:2 hasabynda utulýardylar. «Köpetdag» topary bu duşuşygy ýeňiş bilen tamamlar öýdülýärdi. Emma ýaş futbolçylar ruhdan düşmediler. Duşuşygyň 69-njy we 75-nji minutlarynda Weýisgeldi Orazdurdyýew iki gol geçirip, hasaby deňlemegi başardy – 2:2. Esasy wagt deňme-deň hasapda tamamlandy we ýeňijini kesgitlemek üçin jerime urgularyna geçildi. Onda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 5:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, 5-nji orna mynasyp boldy. «Köpetdag» topary bolsa ýaryşy 6-njy orunda tamamlady.
Günüň beýleki duşuşygynda Balkanabadyň «Nebitçi» topary «Merw» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, 7-nji orny eýeledi we Marynyň toparyny sekizinji orunda galdyrdy.
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilýän ýaryşda indi iki duşuşyk galdy. Ilki bilen 3-nji orun ugrundaky bäsleşikde «Ahal» topary bilen «Aşgabat» topary duşuşar. Soňra bolsa finalda «Arkadag» topary bilen «Şagadam» topary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler.
Ýatladyp geçsek, geçen ýyl bu hormatly baýraga «Arkadag» toparynyň futbolçylary mynasyp bolupdy. Şonda ýaryş Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde ýokary liganyň alty toparynyň gatnaşmagynda bir tapgyrda geçirilipdi.